- aýyp
- Köpçülik düzgünine laýyk bolmadyk, ýigrenilýän iş, gelşiksiz, ýaramaz iş, günä, utanç.∙ Seniň bu nadanlygyň, Bilseň, köp aýyp ýeňňe. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)∙ Aglamak aýyp bolar. («Görogly» eposy)∙ Iwan Timofeýewiç, men indi öz aýybyma düşünýän. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Aýybyny aýdan uýalmaz. (Nakyl)∙ Aýybyny ýaşyran aýňalmaz. (Nakyl)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, p sesi b sesine öwrülýär.Meselem aýyp - aýyby.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.